Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan senatorlary howpsuzlyk paktlaryny tassyklady


Owganystanyň parlamentiniň ýokary öýi owgan hökümeti bilen Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň arasynda aýry-aýrylykda baglaşylan ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşyklaryny tassyklady. Bu ylalaşyklar 2014-nji ýylyň dekabr aýyndan soň, 12 müň 500 çemesi halkara güýçleriniň Owganystanda galmagyna mümkinçilik döreder.

Owgan parlamentiniň metbugat edarasynyň berýän maglumatyna görä, 27-nji noýabrda geçirilen ses berişligiň netijesinde parlamentdäki 102 kanunçykaryjydan diňe ýedi sanysy ylalaşyklara garşydyklary barada ses beripdir.

Gürrüňi gidýän ylalaşyklar 23-nji noýabrda owgan parlamentiniň aşaky öýi tarapyndan tassyklanypdy.

Owganystanyň täze hökümeti bu ylalaşyklara 30-njy sentýabrda gol goýupdy.

Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzaý gürrüňi gidýän ylalaşyklara gol goýmagy ret edipdi.

XS
SM
MD
LG