Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetskde iki adam öldürildi


Ukraina. 27-nji noýabr, 2014 ý.
Ukraina. 27-nji noýabr, 2014 ý.

Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasynda baglaşylan ylalaşyga garamazdan, ýowuzlyklar dowam edýär.

27-nji noýabrda aglaba pitneçiler tarapyndan kontrolluk edilýän Donetsk şäherinde 12 ýaşyndaky oglanyň we 55 ýaşyndaky zenanyň öldürilendigi habar berilýär.

Donetsk şäher administrasiýasy gürrüňi gidýän oglanjygyň köçäniň ugrunda, zenanyň bolsa ýaşaýan kwartirasyna top okunyň düşmegi netijesinde heläk bolandygyny mälim etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, 5-nji sentýabrda ok atyşygy bes etmek barada Ukrainanyň, Russiýanyň we orsparaz separatistleriň arasynda ylalaşyk baglaşylany bäri, esgerlerden, pitneçilerden we parahat ilatdan her gün ortaça 13 adam heläk bolýar.

XS
SM
MD
LG