Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Burkada 9 adam öldürildi


Soňky döwür “Talyban” hereketi Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümlerini ýaýbaňlatdy.
Soňky döwür “Talyban” hereketi Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümlerini ýaýbaňlatdy.

Owganystanyň demirgazygynda jaýlanyş mirasymy geçirilýän mahaly janyndan geçeniň amala hüjümi netijesinde azyndan dokuz adam öldi.

Baghlan welaýatynyň ýerli resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, ölenleriň arasynda iki sany polisiýa işgäri hem bar.

Burka etrabynda bolan bu hüjümde 18 adam hem ýaralandy.

Resmileriň çaklamalaryna görä, hüjümiň nyşanalary Burkanyň ýolbaşçysy Taj Muhammad Takwa, şeýle-de beýleki ýokary derejeli jemgyýetçilik we polisiýa resmileri bolupdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Bu aralykda, soňky döwür “Talyban” hereketi Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümlerini ýaýbaňlatdy.

XS
SM
MD
LG