Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran hüjümleriň edilendigini ret edýär


Pentagonyň metbugat sekretary Rear Admiral John Kirby.
Pentagonyň metbugat sekretary Rear Admiral John Kirby.

Eýranyň ýokary derejeli resmisi “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy Tähranyň Yrakda howa zarbalaryny amala aşyrandygy baradaky maglumatlary ret etdi.

Eýranyň resmisi bu barada 3-nji dekabrda çykyş etdi. Onuň bu çykyşy "soňky günlerde Eýranyň hakykatdan hem gündogar Yrakda howa hüjümlerini amala aşyrýandygyny görkezýän alamatlaryň bardygy” barada Pentagonyň metbugat sözçüsiniň eden beýanatynyň yzýanyna gabat geldi.

“Eýran Yrakda “Daeş”, ýagny “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini nyşana alýan islendik howa hüjümlerini amala aşyrmaga gatnaşmady” diýip, Eýranyň resmisi adynyň anonim görnüşinde saklanmagyny sorap, “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda belledi.

Şeýle-de, resmi şuňa meňzeş howa zarbalarynda Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň “Eýran üçin bolup bilmejek ýagdaýdygyny” sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG