Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Ýene bir akýagyz ofiser aklanansoň, protestler geçirildi


Birleşen Ştatlaryň Ýokary žurisi garaýagyz ýaragsyz adamy atyp öldüren akýagyz polisiýa ofiserini jezalandyrmazlyk barada karar çykaran soň, Nýu-Ýork şäherinde müňlerçe protestçi köçelere çykdy.

4-nji dekabrda aglaba parahat demonstrantlar käbir sebitlerde protest geçirdiler we olaryň käbirleri Bruklin köprüsiniň töwereginde polisiýa bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Birleşen Şatatlaryň käbir sebitlerinde geçirilen bu protestler Ýokary žuri iýul aýynda Erik Garneri atyp öldüren polisiýa ofiseri Daniel Pantaleony jezalandyrmak üçin “hiç hili makul sebäbiň ýokdugy” barada karar çykarandan soň bolup geçdi.

Ýokary žuriniň bu karary Amerikanyň Missouri ştatynda garaýagyz ýaragsyz ýetginjegi atyp öldüren akýagyz polisiýa ofiserini jezalandyrmazlyk barada çykarylan karardan bir hepde soň mälim edildi.

XS
SM
MD
LG