Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaşmir: Hindi harbylary öldürildi


Hindistan bilen Pakistanyň arasynda ýerleşýän dawaly Kaşmir sebitindäki hindi armiýasynyň lägerine söweşijiler hüjüm etdiler. Bu hüjümiň netijesinde Hindistanyň azyndan 10 sany howpsuzlyk işgäri heläk boldy.

Resmiler 5-nji dekabrda hindi güýçleri bilen bolan ok atyşykda söweşiji diýlip güman edilýän üç adamyň öldürilendigini hem mälim etdiler.

Armiýa ofiseriniň berýän maglumatyna görä, söweşijiler artilleriýa birleşiginiň lagerine girmäge synanyşan mahaly granatlary zyňyp, awtomat tüpeňler bilen ot açypdyrlar.

Gürrüňi gidýän lager Gimalaý daglyk regionyny Hindistanyň dolandyryjylygyndaky bölege we Pakistanyň kontrollugyndaky sebite bölýän güýçli harbylaşdyrylan kontrol liniýasynyň golaýynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG