Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hagel Owganystana bardy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel

ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel (Chuck Hagel), öňünden duýdurman, Owganystana sapara bardy.

Kabulda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Hagel Owganystanyň soňky on ýylyň içinde “uzak ýoly” geçendigini aýtdy. Şeýle-de ol ýylyň aýagyna NATO esgerleri ýurtdan çekilenden soň, ýerli howpsuzlyk güýçleriniň “Talybana” garşy durup biljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Wezipesinden çekilen Hageliň ýokary derejeli owgan resmileri bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

5-nji dekabrda Barak Obama ABŞ-nyň täze goranmak sekratary hökmünde – tehnokrat, Pentagon bilen işleşmekde uly tejribesi bolan – Aşton Karteri (Ashton Carter) belledi.

Bu aralykda ýurduň demirgazyk – Türkmenistan bilen serhetleşýän – Jowüzjan welaýatynda üç polisiýa ofiseri öldürildi. Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Soňky döwür “Talyban” söweşijileri Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümleri ýaýbaňlatdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG