Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan žurnalisti Eýranda sud edildi


“Waşington Post” gazetiniň habarçysy Jason Rezaian
“Waşington Post” gazetiniň habarçysy Jason Rezaian

“Waşington Post” gazetiniň habarçysy Eýranda dört aýdan gowrak wagtlap tussag bolmagyndan soň formal taýdan sud edildi.

Amerikan neşriniň habar bermegine görä, Jason Rezaian 6-njy dekabrda öz işine garalan wagty Tähranyň sudunda on sagatdan gowrak wagtlap saklanypdyr.

Rezaianyň sud işiniň öňüsyrasynda žurnalistiň suddan öňki tussaglyk möhletiniň ýanwar aýyna çenli uzaldylýandygy barada habar berlip, munuň sebäbi derňewleriň dowam etmegi bilen düşündirilipdi.

Goşa raýatlyga eýe bolan asly eýranly amerikaly 38 ýaşly Rezaian öz aýaly Ýeganeh Salehi bilen 22-nji iýulda tussag edilipdi. Žurnalistiň aýaly soň girew astynda tussaglykdan boşadylypdy.

XS
SM
MD
LG