Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Orsýeti Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmaga çalyşýan Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň içerki işlerine goşulmakda aýyplady.
Merkeliň 7-nji dekabrda Germaniýanyň "Die Welt am Sonntag" neşrine aýtmagyna görä, Moldowa, Gürjüstan we Ukraina ÝB bilen Assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmek barada karara gelensoň, “Orsýet bu ýurtlaryň üçüsine-de problema döredýär”.
Merkel Moldowanyň Pridnestrowýe, Gürjüstanyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa regionlaryndaky “doňan konfliktlere”, şeýle-de Orsýetiň gündogar Ukraina goşulmagyna ünsi çekdi.
Orsýet Moldowanyň Ýewropa tarap barýan ugruna nägilelik bildirip, Moldowanyň çakyr, gök we et önümlerine gadagançylyk girizdi.
Şeýle-de Merkel Moskwany Günbatar Balkan döwletlerini özüne ykdysady taýdan garaşly etmäge we öz täsirini artdyrmaga synanyşmakda aýyplady.