Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýa: Orsýetiň ýaragly uçary saklandy


Nigeria Orsýetiň ýuk uçaryny we onuň fransuz dilinde gepleýän ekipažyny tussag etdi. Içi harby ýükli bu uçar ýurduň demirgazyk Kano şäherinde birugsat gondy.

Nigeriýanyň howa güýçleriniň resmisi uçaryň 6-njy dekabrda tussag edilendigini tassyklady, emma jikme-jik maglumat bermedi.

Merkezi Afrika Respublikasynyň paýtagty Banguiden Çadyň paýtagty N'Djamena barýan bu uçar N'Djamenanyň aeroportunyň ýapyk bolmagy sebäpli adatdan daşary ýagdaýda Kanoda gonmaly bolupdyr.

Nigeriýanyň resmileri uçaryň içinde iki dikuçary, ok geçmeýän awtoulagy we harby enjamlar üçin niýetlenýändigi çak edilýän gapyrjaklary tapdylar. Bu ýüküň kime niýetlenýändigi anyk däl.

Uçaryň bäş adamdan ybarat ekipažy we ýüki derňew astyna alyndy.

XS
SM
MD
LG