Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rublyň hümmeti: Putin sessiz galýar


Wladimir Putiniň metbugat sözçüsi rus prezidenti rublyň hümmetiniň pese gaçmagy ýa-da Russiýanyň döwlet ykdysadyýeti barada islendik “ýörite beýanat” bilen çykyş etmegi planlaşdyrmaýar diýdi.

16-njy dekabrda rus metbugatynyň Dmitriý Peskowa salgylanyp berýän maglumatynda Putin rublyň hümmetiniň pese gaçmagy bilen baglanyşykly öz hökümeti bilen yzygiderli aragatnaşykda, emma ol adatdan daşary ýygnagy geçirmegi ýa-da beýanat bilen çykyş etmegi planlaşdyrmaýar diýilýär.

Şeýle-de, Peskowuň sözlerine görä, Putin bu meseläni özüniň 18-nji dekabrda geçirjek ýyllyk metbugat konferensiýasyndan öň çözjege meňzemeýär.

17-nji dekabrda 1 amerikan dollary 66 rubl derejesinde boldy.

XS
SM
MD
LG