Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB:Owgan saýlawlarynda galplyklar boldy


Ýewropa Bileleşiginiň Owganystandaky saýlaw gözegçileriniň raporty 2014-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sistematiki galplyklaryň bolandygy baradaky käbir güýçli çaklamalary goldaýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Owganystandaky toparynyň soňky raportynda şübheli ses býulletenleriniň ujypsyzja böleginiň üstüni açan topar hem tankyt edilýär.

16-njy dekabrda çap edilen raportda bellenilmegine görä, 8,1 million saýlaw býulleteniniň 2 million sanysy problemaly saýlaw okruklaryndan gelipdir.

Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşiginiň baş gözegçisi Thijs Berman häkimiýeti paýlaşmak barada ylalaşany üçin prezident Aşraf Ganä we baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdulla gowy baha berdi.

XS
SM
MD
LG