Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Niderlandlarda deputat aýyplanýar


Niderlandlaryň prokurorlary kanunçykaryjy Girt Wildersiň (Geert Wilders) 2014-nji ýylyň mart aýynda eden köpçülikleýin çykyşy bilen baglanyşykly jynsy ýigrenji öjükdirmekde aýyplanýandygyny mälim etdiler.

18-nji dekabrda prokurorlar tarapyndan yglan edilen aýyplamalar, Wildersiň yslam dinine we migrantlara garşy ritorikalary, ýagny çişirilen sözleri bilen ilteşikli ikinji gezek sud işi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny görkezýär.

2011-nji ýylda Wilders şuňa meňzeş aýyplamalardan aklanypdy. Şonda ol Yslam dini bilen nasizmi deňeşdirip, “Gurhan” kitabynyň gadagan edilmegine çagyryş edipdi.

Wildersiň ýüzbe-ýüz bolýan soňky aýyplamalary, onuň köpçülige Niderlandlarda has köpmi ýa-da azrak marokkalyny isleýärsiňiz diýip, beren soragy bilen ilteşiklidir.

Şonda köpçülik: “Azrak! Azrak! Azrak!” diýip, jogap beripdi.

Wilders 18-nji dekabrda ýazmaça ýaýradan beýanatynda özüniň “millionlarça adamyň pikir edýän we ynanýan zadyny aýdandygyny” belleýär.

XS
SM
MD
LG