Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan ölüm jezasyny ýerine ýetirýär


Pakistanda mekdebe edilen we 140-den gowrak adamyň ölümine getiren hüjümden soň dikeldilen ölüm jezasy esasynda iki jeňçi jezalandyrylyp öldürildi.

Pakistanyň telewideniýesi 19-njy dekabrda Penjap welaýatynyň merkezi şäheri Faýsalabatda iki jezanyň ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Penjap welaýatynyň içeri işler ministri Şuja Hanzada asylyp öldürilenleriň şahsyýetlerini doktor Usman lakamly Mahammad Akil bilen Arşad Mehmut diýip görkezdi.

Pakistanyň türme resmileri ýakyn günlerde ýene 23 terrorçynyň ölüm jezasynyň ýerine ýetiriljegini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG