BMG «Talybany» Owganystanda asuda adamlaryň arasyndaky pidalaryň sanyny azaltmaga çagyrdy, emma iş ýüzünde üýtgeşme görmedi.
BMG 2014-nji ýylda Owganystanda öldürilen we ýaralanan adamlaryň 75 prosent çemesiniň «Talyban» bilen ilteşiklidigini aýtdy.
BMG-niň Owganystandaky ýokary derejeli wekili Nikolas Heýsom BMG-niň öz taýýarlan pidalar hasabatyny Katardaky «Talyban» resmilerine hem berendigini aýtdy.
Heýsom 19-njy dekabrda Nýu-Ýorkda gurnalan metbugat ýygnagynda çykyş edip, «Talyban» resmileriniň ol hasabatdaky sanlar dogry däl diýendigini aýtdy.
BMG-niň Owganystandaky missiýasynyň adam hukuklary direktory Georgette Gagnon «Talybanyň» berýän habarlarynda üýtgeşmeler bar, emma wakanyň bolýan ýerinde özgerişlik ýok diýdi.