Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew araçy bolmaga taýýar


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew gündogar Ukrainadaky krizisi çözmek üçin “sadyk araçy” bolup çykyş etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Nazarbaýew Gazagystanyň Ukraina we Russiýa bilen gowy gatnaşyklarynyň bardygyny aýdyp, özüniň parahatçylyk boýunça sadyk araçy bolup çykyş edip biljekdigini belledi.

Şeýle-de, Nazarbaýew Ukraina kömek etmäge wada berip, Ukrainanyň garaşsyzlygynyň we territorial bitewüliginiň üpjün edilmegine çagyryş etdi.

Nazarbaýew bu barada Ukraina sapar etmezden bir gün öň, 21-nji dekabrda Astanada belläp geçdi.

XS
SM
MD
LG