Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

D.Korea interneti bölekleýin dikeltdi


D.Koreýanyň lideri harbylar bilen
D.Koreýanyň lideri harbylar bilen

ABŞ-nyň amala aşyran kiber howpsuzlyk çäreleriniň yzýany dörän kynçylyklardan soň Demirgazyk Koreýanyň internet hyzmatlary dikeldildi.

ABŞ-da ýerleşýän internet howpsuzlygy boýunça “Dyn Research” şirketi Demirgazyk Koreýada internet hyzmatlarynyň dokuz sagatlap işlemänsoň 23-nji dekabrda bölekleýin dikeldilendigini habar berdi.

Analitikler internetiň sandan çykmagyna tehniki problemalaryň ýa-da kiber hüjümiň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý ABŞ-nyň geçen hepdede "Sony Pictures" kompaniýasyna hüjümde Phenýany aýyplansoň emele gelipdi.
Hytaýyň Daşary işler ministrligi Demirgazyk Koreýanyň internetiniň sandan çykmagyna Hytaýyň gatnaşygy baradaky çaklamalary “jogapkärçiliksiz” diýip atlandyrdy.

"Sony Pictures" kompaniýasyna edilen hüjüme öz jogapkärçiligini ret eden Phenýan bu kompaniýanyň Demirgazyk Koreýanyň lideriniň öldürilmegini sahnalaşdyran komediýasyny ýazgarypdy.

XS
SM
MD
LG