Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde ukrain gepleşikleri geçirilýär


Ukrainanyň hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasyndaky konfliktiň soňuna ýetmäge gönükdirilen parahatçylyk gepleşikleri 24-nji dekabrda täzeden maslahat edilýär.

Belarusyň paýtagty Minskde geçirilýän gepleşiklere Ukrainanyň, Russiýanyň, orsparaz separatistleriň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu baradaky ikinji duşuşyk 26-njy dekabrda geçiriler.

Sentýabr aýynda Minskde geçirilen soňky gepleşiklerde ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gol goýlup, giňişleýin parahatçylyk şertnamalary düzgünleşidirilipdi.

XS
SM
MD
LG