Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Iordan uçary aşak gaçyrylmady


Birleşen Ştatlar Siriýada heläkçilige uçran iordaniýaly uruş uçary “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan urlup aşak gaçyrylmady diýýär.

“F-16” kysymly uruş uçary 24-nji dekabrda Yragyň demirgazyk-gündogaryndaky Rakka şäheriniň golaýynda ýitirim bolupdy. Rakka şäheri “Yslam döwleti” atly toparyň gözegçiligi astyndadyr.

“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri agzalýan topara tarapdar websahypada pilotyň birnäçe suratyny çap etdiler we olar pilotyň adyny 26 ýaşyndaky Muat Safi Yusuf al-Kasisbeh (Mu'ath Safi Yousef al-Kaseasbeh) diýip mälim etdiler. Şeýle-de söweşijiler uçary raketa bilen urup aşak gaçyrandyklaryny bellediler.

Emma Birleşen Ştatlaryň harbysy “deliller bu wakanyň dogry däldigini anyk görkezýär” diýdi. Şol bir wagtyň özünde uçar heläkçiligine nämäniň sebäp bolandygy barada maglumat berilmeýär.

Sentýabr aýynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy howa zarbalary başlany bäri, bu uçar Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň Siriýada ýitirim bolan ilkinji uruş uçarydyr.

XS
SM
MD
LG