Ispaniýanyň sudy gazak oppozisiýa wekiliniň tussag edilmegini tassyklady. Muratbek Ketebaýew häzirki wagt Gazagystana ekstradisiýa edilmek ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Ketebaýew gazak hökümetiniň haýyşy bilen Interpolyň çykaran gözlegine laýyklykda, 27-nji dekabrda Madridiň myhmanhanasynda tussag edildi.
Sud 57 ýaşyndaky Ketebaýewiň ekstradisiýa baradaky diňlenişigi geçirilýänçä, tussaglykda saklanylmalydygy hakda karar çykardy we onuň pul girewi bilen goýberilmegi dogrusyndaky talabyny ret etdi.
Gazagystanyň “Alga” atly oppozision partiýasyny döredijileriň biri Ketebaýew ýurtda hökümetiň tankytçylaryna garşy basyşlar artan mahaly, 2011-nji ýylda Gazagystany terk edipdi. Oňa 2013-nji ýylda Polşada bosgunlyk statusy berilipdi.