Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý höküme boýun bolmaýar


Kremliň garşydaşy Alekseý Nawalnyý suduň özüni öý tussaglygynda saklamak baradaky buýrugyna boýun bolmajagyny aýdýar.

Sud onuň şertli tussaglygy 30-njy dekabrda güýjüne girýänçä öýünde oturmalydygyny aýtdy.

Nawalnynyň aklawçysy Wadim Kobzew öz müşderisiniň öý tussaglygy höküminiň garşysyna şikaýat arzasyny ýazdy. Ol özleriniň bu hökümi bikanun we esassyz diýip hasaplaýandyklaryny aýdýar.

Nawalnyý fewraldan bäri öý tussaglygynda boldy. Sud ony we dogany Olegi syýasy äheňli we galplaşdyrylan iş esasynda günäli tapdy hem-de onuň hökümden etjek şikaýaty boýunça karar çykýança öýde oturmalydygyny aýtdy.

Kobzew şertli tussaglyk hökümini çykaryp, şol bir wagtda öý tussaglygynyň buýrulmagynyň gaty geňdigini aýtdy. Ol bu buýrugyň Nawalnynyň hökümete garşy protestlere gatnaşmagynyň öňüni almak üçin berlendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG