Müsüriň Ýokary sudy, birnäçe minuda çeken diňlenişikden soň, «Al-Jaziranyň» 2013-nji ýylda «Musulman doganlygyna» kömek bermekde günäli tapylan üç žurnalistiniň täzeden sud edilmegini buýurdy.
Awstraliýaly Peter Greste, Müsür asylly kanadaly Mohamed Fahmy, müsürli Baher Mohamed, aklawçynyň žurnalistlere beren maglumatyna görä, indiki suda çenli türmede oturmaly boljaga meňzeýär.
Bu üç žurnalist, «Musulman doganlygyna» gol ýapmakda aýyplanyp, gapma-garşylykly sud prosesinde türmä basyldy. Olara 10 ýyl türme tussaglygy berildi.
Häkimiýetler düýbi Katarda ýerleşýän «Al-Jazirany» «Musulman doganlygynyň» wagyzçysy bolmakda aýypladylar, emma telewizion stansiýa bu aýdylýanlary ret edýär.
Aklawçy täze suduň birnäçe aýdan başlanmagyna we gowulyk bilen gutarmagyna umyt edýändigini aýtdy.