Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanly blogger tussag edildi


Dagystan regionyndaky blogger partladyjy serişdeleri saklamak bilen bagly aýyplamalar esasynda tussag astyna alyndy. Onuň maşgalasy bu aýyplamalaryň galpdygyny aýdýar.

5-nji ýanwarda Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionynyň paýtagty Mahaçkalanyň sudy Murad Nurmagomedowyň iki aý deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada karar çykardy.

Bu baradaky karar dekabr aýynda Nurmagomedowyň wideosy ýaýrandan soň mälim edildi. Gürrüňi gidýän wideoda Täze Ýylyň arça agajy bilen bellenmegini tankyt edýän dagystanly tanymal musulmanlar görkezilýär.

31-nji dekabrda Nurmagomedow partladyjy we ýarag serişdelerini saklamakda güman edilip, polisiýa ofiserleri tarapyndan tussag edilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG