Sepleriň elýeterliligi

Ukrain gepleşikleri Astanada geçiriler


Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius (çepden biriji), Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin (çepden ikinji), Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier (sagdan ikinji), Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagdan birinji).

Ukraina boýunça dört ýurduň arasynda geçirilen gepleşiklerde Kiýewe wekilçilik eden resminiň berýän maglumatyna görä, 9-njy ýanwarda gazak paýtagty Astanada Ukrainanyň, Russiýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçiriler.

Bu barada Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň syýasat we aragatnaşyk boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Olekseý Makeýew 5-nji ýanwarda özüniň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda mälim etdi.

Makeýew Berlinde geçirilen gepleşiklerde ukrain delegasiýasyna ýolbaşçylyk edipdi.

Şeýle-de, Makeýew Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda Astanada geçiriljek duşuşygyň dowamynda “umumy ylalaşyga” gol goýmak ähtimallygynyň bardygyny belledi.

XS
SM
MD
LG