Gyrgyzystan we Täjigistan iki ýurduň arasyndaky dawaly serhediň çägini kesgitlemek dogrusynda geçiriljek gepleşikler döwründe Russiýanyň arhiwindäki sowet döwrüne degişli resminamalardan peýdalanarlar.
Gyrgyz hökümetiniň serhediň çägini kesgitlemek boýunça işçi toparynyň agzasy Kurbanbaý Iskandarow özüniň 7-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, ýakynda gyrgyz resmileriniň Moskwa sapar edendigini we arhiwe degişli maglumatlary getirendigini mälim etdi.
1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan bäri, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky serhetleriň köp bölegi kesgitsiz, dawaly bolmagyna galýar.
Soňky aýlarda Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň serhet gullukçylarynyň we ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda bolan ýowuzlyklardan soň, iki ýurduň arasyndaky serhediň çägini kesgitlemek dogrusyndaky gepleşikleriň gerimi güýçlendirildi. Gürrüňi gidýän ýowuzlyklar Gyrgyzystanyň territoriýasyndaky täjik esklawynyň golaýynda bolupdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?