Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýekaterinburg: Rus raýaty derňelýär


Russiýanyň Ýekaterinburg şäherindäki zenan internetdäki ukrain milletçi toparlaryna goşulansoň, rus resmileri ony internetde ekstremizmi öjükdirmekde güman edip, derňäp başladylar.

Ýekaterina Wologžaninowanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, rus derňewçileri oňa “Wkontakte” sosial ulgamyndaky “Rus sagçy sektory” we “Ukrain halkynyň goranmak” hereketi ýaly toparlara goşulansoň, şübhe astyna düşendigini habar beripdirler.

Şeýle-de, Wologžaninowa özüniň internetde prezident Wladimir Putiniň ýahtasyny, Ukrainadaky Ýewromaýdan protestlerini we gündogar Ukrainadaky konflikt barada geçirilen ukrain telegepleşigini görkezýän wideo ýazgylary çap edendigini sözüniň üstüne goşdy.

Wologžaninowanyň sözlerine görä, 12-nji dekabrda polisiýa onuň ýaşaýan jaýynda gözleg işlerini geçirip, onuň kompýuterini, planşetini, fotoapparatyny ele salypdyr.

XS
SM
MD
LG