Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: Terrora garşy çärelere serediler


Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Donald Tusk şu hepde Parižda amala aşyrylan hüjümden soň, Bileleşigiň nobatdaky sammitinde beýleki meseleler bilen bir hatarda terrorçylyga garşy göreş tagallary barada maslahat ediljekdigini mälim etdi.

Tusk bu barada 9-njy ýanwarda Latwiýanyň paýtagty Rigada belläp geçdi.

Tuskyň sözlerine görä, ÝB-niň 12-nji fewralda geçiriljek sammitinde “Parižde edilen wagşyçylykly hüjümiň” yzýany, “bu meselelere Ýewropa Bileleşiginiň berjek gaýtawulyny has giňişleýin maslahat etmek” göz öňünde tutulýar.

7-nji ýanwarda ýüzi örtgüli ýaragly adamlar Fransiýanyň “Charlie Hebdo”” atly satiriki žurnalynyň binasyna hüjüm edip, 12 adamy öldürdiler we 11 sanysyny ýaraladylar.

XS
SM
MD
LG