Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani terrory ýazgarýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Parižde guralan ganly hüjümleri ýazgaryp çykyş etdi we yslamyň parahatçylykly dindigini nygtady.

Rohani 10-njy ýanwarda öz websaýtynda çap edilen beýanatynda "biz ähli görnüşdäki terrory ýazgarýarys, onuň Liwanda ýa Palestinada, Parižde ýa Birleşen Ştatlarda bolanynyň tapawudy ýok» diýdi.

Ol radikallar tarapyndan edilýän terrorçylykly hüjümleriň diňe özgeleri öjükdirýändigini hem-de yslama bolan negatiw garaýyşlary artdyrýandygyny aýtdy.

Prezidentiň sözleri howpsuzlyk gulluklary eýranly žurnalistleriň Parižde öldürilen kärdeşleriniň hormatyna ýygnanyşmagynyň öňüni alanyndan iki gün soň peýda boldy.

XS
SM
MD
LG