Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain konflikti Berlinde maslahatlaşylýar


Ukrainanyň esgerleri ýurduň gündogaryndaky Donbas regionynda patrullyk edýär.
Ukrainanyň esgerleri ýurduň gündogaryndaky Donbas regionynda patrullyk edýär.

Ukrainanyň, Russiýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri Ukrainadaky konflikti maslahat etmek üçin 12-nji ýanwarda Berlinde duşuşýarlar.

Berlindäki gepleşikler gürrüňi gidýän ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilmegi ähtimal duşuşykdan birnäçe gün öň geçirilýär.

Şol bir wagtyň özünde 10-njy ýanwarda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda gol goýlan ylalaşygyň durmuşa geçirilişinde hakyky manyda öňe gidişlikler bolýança, sammitiň geçirilmejekdigini aýtdy.

Ukrain hökümeti bilen orsparaz separatistleriň arasyndaky ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk her gün diýen ýaly bozulyp gelýär. Gündogar Ukrainadaky çaknyşyklar zerarly geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 4 700-den gowrak adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG