Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik oppozisiýasynyň ekstradisiýasy soraldy


Täjigistan türk resmilerinden gaçgaklykdaky oppozision syýasatçy we işewür Umarali Kuwatowyň ekstradisiýa edilmegini resmi taýdan sorady.

Bu barada Täjigistanyň Içeri işler ministri Ramazon Rahimzoda (Ramazon Rahimzoda) 16-njy ýanwarda mälim etdi.

Kuwatow täjik resmileri tarapyndan bidüzgünçilik aýyplamalary bilen gözlenýär, emma ol bu aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny belleýär. Kuwatowyň “Group 24” atly syýasy guramasy täjik hökümeti tarapyndan ekstremist topar diýlip, geçen ýylyň oktýabr aýynda gadagan edilipdi.

“Group 24” atly topar sosial mediany Duşenbede hökümete garşy protestleri geçirmäge çagyryş etmek üçin ulanandan soň, täjik resmileri ýurtdaky ýüzlerçe websahypalary petikläpdi.

Kuwatow we onuň üç ýarany wiza düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, geçen ýylyň dekabr aýynda Türkiýede tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG