Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama kongresi saklanmaga çagyrýar


Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň Kongresini, hemişelik ýadro ylalaşygyny gazanmak üçin gepleşilýän wagtynda, Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmekden saklanmaga çagyrdy.

Ol Tähran bilen dünýäniň alty döwletiniň arasyndaky gepleşikler dowam edýän wagtynda Eýrana garşy has kän sanksiýa girizmek baradaky kanun taslamasy kabul edilse, muňa özüniň weto goýjakdygyny aýtdy.

Emma Obama Eýran ahyrynda «howa» diýmekden ýüz öwürse we gizlinlikde ýadro ýaragyny edinmejekdigini ynandyryp bilmese, özüniň Kongrese baryp, nurbatlary berk towlamagy haýyş etjegini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG