Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz serhetçisi öldürildi


Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gullugy Täjigistan bilen araçäge golaý serhet postuna edilen hüjümde bir gyrgyz serhetçisiniň öldürilendigini, ikisiniň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Serhet gullugynyň sözçüsi Gulmira Borunbaýewa Batken welaýatyndaky Aýkol serhet postuna, 16-njy ýanwarda, giçlik hüjüm edilendigini aýtdy.

Ýaralanan iki esger Isfana şäherindäki hassahana alnyp gaýdylypdyr.

Gyrgyzystanyň serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary Iskender Mambetaliýew eýýäm Isfana baryp, ýerli güýçlere bu hüjümi derňemäge kömekleşýär diýip, habarda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG