Ermenistanda, rus harby bazasynyň golaýynda bir maşgalanyň alty agzasyny öldüren rus esgeriniň özlerine berilmegini talap edýän protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşykdan soň, dartgynlylyk ýokary bolmagynda galýar.
15-nji ýanwarda Gýumri şäherindäki rus konsullygynyň daş işiginde bolan çaknyşyklarda azyndan 15 adam ýaralandy.
Habarlardan mälim bolşy ýaly, 12-nji ýanwar güni bu şäherde bir maşgalanyň alty agzasy rus esgeri tarapyndan atylyp öldürildi.
Çaknyşyk mahalynda polisiýanyň 20-den gowrak adamy gysga wagtlyk tussag edendigi aýdylýar.
Protestçiler bu jenaýaty boýun alandygy aýdylýan esger Waleriý Permýakowyň özlerine gowşurylmagyny we Ermenistanda sud edilmegini talap edýärler.