Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran 'syýasy erk' gerek diýýär


Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif Eýranyň ýadro gepleşiklerinde öňegidişlik gazanylmagy üçin syýasy erk zerur diýdi.

Emma ol şeýle progresiň mümkindigine özüniň ynanýandygyny aýtdy.

Zarif Parižde Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri we Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius bilen geçiren gepleşiklerinden soň, 16-njy ýanwar güni giçlik Ženewa dolandy.

Ol žurnalistlere özüniň Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen hem gürleşendigini, 17-nji ýanwarda bolsa Britaniýanyň daşary işler sekretary Phillip Hammond bilen telefonda gürleşjegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG