Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýada ybadathanalar otlandy


Nigeriýanyň musulman alymlary Fransiýanyň satiriki žurnalynyň Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çap edenligi üçin gazaba çykan we 17-nji ýanwarda paýtagt Niameýda azyndan ýedi ybadathana ot beren pitneçileri asudalyga çagyrdylar.

Musulman eýeçiligine girmeýän ýa-da fransuz kompaniýalary bilen ilteşikli myhmanhanalar, meýhanalar we beýleki biznes edaralary hem 16-njy ýanwarda başlanan we sekiz adamy öldüren zorlukly hereketleriň nyşanasyna öwrüldi.

Polisiýa 17-nji ýanwarda bäş adamyň ölendigini, olaryň biriniň otlanan ybadathananyň içinde, ýene biriniň bolsa meýhananyň içinde ölendigini aýtdy.

Polisiýa Niameýiň uly metjidiniň daşynda ýygnanan müň çemesi adamy dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin taýak ulanmaly boldy.

XS
SM
MD
LG