Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň daşary işler ministrler duşuşýar


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Fransiýada yslamçy söweşijiler tarapyndan amala aşyrylan hüjümiň yzýany, terrorçylyga garşy göreş alyp barýan giň göwrümli bileleşigi döretmäge çagyryş etdi. Bu bileleşik musulman ýurtlaryny öz içine alar.

Federika Mogerini bu baradaky taslamany Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri bilen geçirjek gepleşikleriniň öň ýanynda, 19-njy ýanwarda mälim etdi. Bu gepleşiklere Arap Ligasynyň baş sekretarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Mogerini, hem musulman ýurtlary bilen, hem-de Ýewropa Bileleşiginiň içinde has köp hyzmatdaşlygyň bolmalydygyny belledi.

7-9-njy ýanwarda Parižde yslamçy söweşijiler tarapyndan edilen hüjümleriň we geçen hepde şübheli yslamçylara garşy Günbatar Ýewropada geçirilen reýdleriň netijesinde Siriýadaky we Yrakdaky uruşlardan öz ýurtlaryna dolanan ýewropaly raýatlaryň terror hüjümlerini amala aşyryp biljekdikleri barada aladalanmalar artdy.

XS
SM
MD
LG