Belarusly aktiwistleriň bäşisi goňşy Ukrainada hökümete garşy protestler basylyp ýatyrylanda wepat bolanlary ýatlandyklary üçin türme tussaglygyna höküm edildi.
Minsk sudy 23-nji ýanwarda Maksim Winýarskini we Ales Makeýi 15 gün, Mikola Kolas bilen Ýauhen Baturany bolsa 10 gün tussaglyga höküm etdi. Wolha Mikalaçuk bolsa 5 gün türme tussaglygyna höküm edildi.
Bu bäş aktiwist beýleki 15 çemesi aktiwist bilen Kiýewde 22-nji ýanwarda wepat bolan ilkinji Ýewromaýdan protestçileriniň ýylyny bellediler.
Olar Minskdäki ukrain ilçihanasynyň golaýynda doga-dileg etdiler we ukrain gimnini aýtdylar, ukrain şahyry Taras Şewçenkoynyň ýadygärligine gül goýdular.
Polisiýa ol aktiwistleriň 9-syny tussag edip, biraz soň dördüsini goýberdi.