Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň otly hupbatlary


Käbir ilatly punktlarda demirýol stansiýalary gaty uzakda ýerleşýär.
Käbir ilatly punktlarda demirýol stansiýalary gaty uzakda ýerleşýär.

Şu günler Aşgabat-Serhedabat ugry boýunça gatnaýan ýolagçy otlusy gelmeli wagtyndan ep-esli gijä galyp gelýär. Şol otlynyň 15-30 minut ýaly gijä galyp gelmegi indi ençeme wagt bäri kada öwrüldi.

Bu ýagdaýa nämäniň sebäp bolýandygy hakda halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär. Iň bärkisi Ýolöten etrabynyň wokzaly barada aýdylanda, otlynyň tertibi barada kadaly düşündiriş mehanizmi hem ýola goýulmandyr. Bu ýagdaý bolsa ýolagçylar üçin dürli kynçylyklary döredýär.

Otlynyň gatnaw tertibi bilen bilelikde Serhedabat-Aşgabat ýolagçy otlusynyň ugrunda ýolagçylara hyzmat ediş mümkinçilikleri hem gaty çäkli. Meselem, etraplardaky wokzallaryň aglabasy, şol sanda Tagtabazaryň wokzalyndaky desgalaryň aglabasy sowet döwründen galan.

Esasanam, Tagtabazar we Serhedabat wokzalynda goýlan enjamlar gaty könelişen we şol desgalaryň arasynda abady diýseň az. Häzirki gyş aýlarynda bolsa ýolagçylar üçin amatly zallar hem ýok. Bu wokzallarda sowukdan, yssydan goraýan enjamlaram göz öňünde tutulmandyr.

Serhedabat-Aşgabat aralygyndaky duralgalaryň käbirlerinde ýolagçylar üçin ýeterlik oturgyçlar hem göz öňünde tutulmandyr. “Otlynyň gijä galyp gelmesi owarrama diýsek, iň bärkisi garaşar ýaly şert bir döretmel-ä” diýip, özüni Merdan diýip tanadan 35 ýaşlaryndaky serhedabatly Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Stansiýalar

Etraplar barada gürrüň edilende, käbir ilatly punktlarda demirýol stansiýalary gaty uzakda ýerleşýär, diňe Mary welaýaty göz öňünde tutulyp aýdylanda, şeýle etraplaryň arasynda Tagtabazar, Serhedabat ýaly etraplary agzap bolar.

Meselem, şeýle etraplardan biri bolan Tagtabazar wokzalyndan etrap merkezi 25 kilometer uzakda ýerleşýär. Galyberse-de, etrap bilen wokzalyň arasynda kadaly awtobus gatnawy hem ýok. Üstesine-de, edil beýleki käbir wokzallarda bolşy ýaly, şol wokzalda hem ýolagçylar üçin agzalyp geçilen amatlyklar hem göz öňünde tutulmandyr.

Käbir obalarda bolsa, otly göz öňünde tutulan stansiýalarda käte asla durman geçýär. Bu meselede, ýene Mary welaýaty göz öňünde tutulup aýdylanda , Serhedabadyň Garaköl, Üzümçilik, Guşgy maldarçylyk birleşiginiň stansiýalaryny agzamak mümkin.

Bu problemalaryň sebäbi barada häkimiýetler hiç hili düşündiriş bermeýärler. Asla munuň ýaly näsazlyklaryň bardygy we onuň gaýtalanyp durandygy hakda hem türkmen mediasynda hiç hili maglumat çap edilmeýär. Emma il içindäki gürrüňlerden çen tutulsa, otlynyň gijä galyp gelmeginiň has howply sebäpleri bar.

Il arasynda Aşgabat-Serhedabat demir ýolunyň tehniki ýagdaýynyň ýaramazlygy sebäpli otlynyň öz badyny peseltmeli bolýandygy aýdylýar. Demirýol relsleriniň ýatan şpallarynyň, ýagny aşagyndaky berkitmeleriniň ýoluň käbir böleklerinde könelenligini aýdýarlar.

Iň ýönekeýje näsazlyklaryň biri hem şpallara çüýlenen demir ýol çüýleriniň bolmalysyndan azdygy baradaky maglumatlar. Bu barada häkimiýetler hiç hili maglumat bermeýärler, emma şonuň ýaly kemçilikleriň uzak wagtdan bäri saklanyp gelýän ýerleriniň bardygy aýdylýar.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň noýabr aýynda petek nyrhlary gymmatladyldy, şol bir wagtyň özünde täze wagonlaryň ençemesi satyn alnyp işe girizildi. Otlynyň içinde käbir amatlyklar hem döredildi, emma wokzaldaky kemçilikler bilen bir hatarda otlularyň wagtyndan gijä galmagy we oňa sebäp bolýan problemalar bolsa, Mary welaýaty göz öňünde tutulyp aýdylanda, henizem dowam edýär.

XS
SM
MD
LG