Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Täjigistanyň goşunyny berkitmekçi


Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonow
Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonow

Orsýetiň ýokary derejeli harby resmisi Moskwanyň Täjigistanyň goşunyny “Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň Merkezi Aziýadaky öň hatary hökmünde” güýçlendirmek isleýändigini aýtdy.

Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonow Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen 28-nji ýanwarda geçiren gepleşikleriniň yzýany žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda goňşy Owganystandan günbataryň söweş goşunlarynyň köpüsiniň geçen ýylyň aýagynda çykarylmagy Täjigistanyň harbylarynyň güýlendirilmeginiň zerurlygyny döretdi diýip belledi.

“Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy gurmasy” Orsýeti, Ermenistany, Belarusy, Gazagystany, Gyrgyzystany we Täjigistany öz içine alýar. Täjigistan guramanyň Owganystan bilen serhetleşýän ýeke-täk agzasy.

XS
SM
MD
LG