Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa lideri aýyplanýar


Makedoniýanyň premýer-ministri Nikola Gruewski oppozisiýa liderini hökümeti agdarmak üçin haýbat, gorkuzma usullaryny ulanmakda aýyplady.

Gruewski 31-nji ýanwarda milli telewideniýede çykyş edip, oppozisiýa lideri Zoran Zaýewiň özi bilen gaýta-gaýta habarlaşyp, işden çekilmegini talap edendigini, ýogsa gizlin dokumentleri çap edip, ýokary derejeli hökümet resmilerini biabraý ederin diýendigini aýtdy.

Içeri işler ministrligi ýurtda dört adamyň konstitusion düzgüni bozmakda derňelýändigini we üç adamyň, şol sanda gizlin polisiýanyň ozalky başlygy Zoran Werusewskiniň tussag edilendigini aýtdy.

Zaýewiň hem pasportynyň alnandygy aýdylýar.

Zaýew Makedoniýanyň Sosial Demokratik birleşiginiň başlygy.

XS
SM
MD
LG