Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Pekinde gepleşik geçirýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2-nji fewralda Pekine sapar edip, Hytaýyň we Hindistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyk geçirýär. Lawrow başda Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj bilen duşuşdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahat etdi.

Orsýetiň daşary işler ministri üç taraplaýyn gepleşiklerde Aziýa-Ýuwaş okean regionyndaky ýagdaýy, global howpsuzlygy, şol sanda Siriýany we Yragy, Yslam döwleti söweşiji toparyny hem Ukrainadaky ýagdaýy ara alyp maslahat etjekdigini aýtdy.

Şeýle-de üç ýurduň arasynda halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlyk meselesiniň we Hindistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza bolmak isleginiň maslahat edilmegine garaşylýar. Moskwa we Pekin muňa goldaw bildirýärler.

3-nji fewralda Lawrow Türkmenistana sapar eder.

XS
SM
MD
LG