Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda YouTube petikli galar


Pakistan resmileri öz ýurtlarynda YouTube girizilen gadaganlygyň «näbelli möhlete» çenli saklanjagyny aýtdylar.

AFP ady aýdylmaýan hökümet resmisine salgylanyp, onuň 7-nji fewraldaky habary tassyklandygyny aýdýar.

Pakistanyň tehnologiýa we aragatnaşyk maglumatlary ministri Anuşa Rehman şondan bir gün öň gadaganlygyň güýjünde galjagyny aýdypdy.

Pakistan wideo paýlaşylýan saýty 2012-nji ýylyň sentýabrynda, ol ýerde «Musulmanlaryň bigünäligi» atly film ýerleşdirileninden soň gadagan edipdi.

Bu film dünýäniň bir topar ýerinde protest aksiýalarynyň geçirilmegine getirdi.

Pakistan resmileri şondan bäri bu saýty mazmun süzgüjinden geçirmegiň ýoluny tapman, tutuşlugyna baglamakdan başga ýol görmeýändiklerini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG