Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG: Eýran bilen gepleşikler 'çatryga' geldi


BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy Eýran bilen Halkara Atom energiýasy gullugynyň arasyndaky gepleşikler «aýgytly» çatryga geldi diýdi.

HAEG-nyň baş direktory Ýukiýa Amano Eýranyň öz edarasy bilen alyp barýan gepleşiklerini aktiwleşdirmelidigini we öz ýadro programmasynyň esasy aspektlerini aýdyňlaşdyrmalydygyny aýtdy.

Amano bu sözleri 7-nji fewralda, Mýunhende geçýän howpsuzlyk konferensiýasy mahalynda «Roýters» habar gullugyna aýtdy.

Şeýle-de Amano Mýunhende Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawed Zarif bilen duşuşdy. Emma bu duşuşykda edilen gürrüňleriň detallary aýdylmady.

XS
SM
MD
LG