Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mogerini Kosowa, Serbiýa gepleşiklerini geçirýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini 9-njy fewralda Kosowanyň we Serbiýanyň premýer-ministrleri bilen gepleşikleri geçirýär. Bu gepleşikler Belgrad bilen Pristinanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da kadalaşdyrmaga gönükdirilendir.

Brýusselde geçirilýän gepleşikler Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wuçiç we Kosowanyň premýer-ministri Isa Mustafa wezipe başyna geçeli bäri geçirilýän ilkinji duşuşykdyr.

Iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy, Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy araýan bu iki ýurduň öňünde goýlan esasy şertdir.

Kosowa 2008-nji ýylda Serbiýadan öz garaşsyzlygyny yglan etdi, emma Serbiýa Kosowanyň özygtyýarlylygyny resmi taýdan ykrar etmedi.

XS
SM
MD
LG