Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: 300 bosgun gark bolana meňzeýär


BMG-niň Bosgunlar gullugy 300 sany migrantyň Ortaýer deňzinde gämileri çökende gark bolan bolmagyndan howatyr edýändigini aýtdy.

Pidalar hepde ahyrynda dört sany çalamydar gämä münüp, konflikte gaplanan Liwiýany terk edipdirler.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň Ýewropa direktory Winsent Koçetel 11-nji fewralda ýaýradan beýanatynda «Bu elhenç betbagtçylyk, howpsuzlyk gözleýänler deňziň rehim etmegine galdyrylsa, has kän adamyň ýitirilip biljegini ýatladýar» diýdi.

Geçen ýyl Demirgazyk Afrikadan Italiýa gämili barmakçy bolan adamlaryň 3200-den gowragy wepat boldy. 170 müňden gowrak adam bolsa, Italiýa deňizçi harbylaryň, serhet goragçylarynyň ýa-da söwda gämileriniň kömegi bilen geldi.

XS
SM
MD
LG