Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml: Sawçenkonyň ykbalyny sud çözer


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Minskde geçirilen parahatçylyk gepleşikleri döwründe tussaglykdaky ukrain piloty Nadia Sawçenkonyň ykbaly barada hiç hili wada berilmedi diýdi.

13-nji fewralda Dmitriý Peskow ukrain howa güýçleriniň piloty Nadia Sawçenkonyň sud işi Russiýanyň sudy tarapyndan çözüler diýdi.

Peskow 12-nji fewralda geçirilen gepleşikler döwründe Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýadan Sawçenkonyň azatlyga goýberilmegi barada sorady diýdi. Sawçenko iki rus žurnalistiniň öldürilmegine gatnaşmakda aýyplanyp, alty aýdan gowrak wagt bäri Russiýada tussaglykda saklanylýar.

Onuň açlyk yglan edenine dokuz hepde boldy.

Minskde geçirilen gepleşikleriň yzýany, Poroşenko özüne Sawçenkonyň “ýakyn günlerde” boşadyljakdygy barada aýdylandygyny mälim edipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG