Hindistanda gurulýan bir bina ýykylanda 12 adam, şol sanda iki çaga öldi.
Polisiýa bölekleýin gurulýan binanyň birinji gatda ýatan adamlaryň üstüne çökendigini aýdýar.
Şeýle-de polisiýa bina çökende ýaradar bolan iki adamyň hassahanada bejergi alýandygyny, üç adamyň bolsa aman gutulandygyny aýtdy.
Bu hadysa demirgazyk Hindistanda, Uttar Pradeş ştatynda boldy.