Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýe: Düýe urşy

15-nji fewralda Antaliýanyň Kemer şäherçesinde Türkiýäniň dürli sebitlerinden getirilen onlarça düýäniň gatnaşmagynda "düýe urşy" geçirildi. Düýe urşunyň ýany bilen, düýe et önümleri (kolbasalar), düýe heýkeljikleri, oýunjaklary we düýe ýüňünden taýýarlanan sowgatlyklar hem halka hödürlendi.

Düýeler uruşda garşydaşyny boýny bilen "çeňňel atyp", ýagny gaňyryp, göwresi bilen gapdallaýyn itip, kellesini boýny bilen basyp ýa-da boýnuny öňki aýagyndan ildirip alyp ýeňmäge synanyşýarlar. Uruşda gaçan, gygyran, ýykylan ýa-da çöken düýe ýeňilen hasaplanýar.

Türkiýede "düýe urşunyň" çarwa türkmenleriň, ýagny Ýörükleriň arasynda XIX asyrdan bäri güýzüň ahyryndan başlap, bahara çenli dürli sebitlerde festiwal görnüşinde geçirilip gelinýändigi aýdylýar. Düýe urşunda ýeňiş gazanýan düýelere onlarça müň amerikan dollary möçberinde pul baýraklarynyň berilýän halatlary bolýar.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG