Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: 13 adam tussag edildi


Täjigistanyň sudy ýurtda gadagan edilen yslamçy toparyň 13 agzasyny türme tussaglygyna höküm etdi. Gürrüňi gidýän tussaglar Sugd welaýatynyň ýaşaýjylaryny Siriýadaky söweşijileriň hatarynda göreşmegi üçin hakyna tutmakda aýyplanýarlar.

Täjigistanyň Ýokary sudunyň 17-nji fewralda beren maglumatyna görä, 26 bilen 42 ýaş aralygyndaky 13 tussag 9 ýyl bilen 12 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Gürrüňi gidýän adamlar noýabr aýynda tussag edilip, jenaýatçylykly topary guramalaşdyrmakda, bikanun ýaraglary saklamakda we “Jamaat Ansarullah” ady bilen tanalýan ekstremist guramanyň agzasy bolmakda aýyplanypdylar.

Täjik derňewçileri “Jamaat Ansarullah” guramasynyň “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly toparyň bir şahasydygyna ynanýarlar.

XS
SM
MD
LG