Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagşyçylyk sungaty howp astyndamy?


Aýdym-saz festiwaly, Aşgabat
Aýdym-saz festiwaly, Aşgabat

Ata-babalarymyzdan Sahy Jepbar dutaryny eline alanda akan suwlar durýar diýen ýaly sözleri köp eşitdik. Dutar diýende Şukur bagşy ýaly kinolaram ýada düşýär, bagşy bilen dutary bolsa biri-birinden aýyrmak mümkin däl. Olaryň ikisi hem türkmenleriň milli baýlygydyr.

Döwrebap aýdym-sazlaryň tutuş dünýäde ýaybaňlanmagy, beýleki ýurtlaryň klasiki aýdym sazlarynda bolşy ýaly, türkmeniň gadymdan gelýän bu sungatyna hem öz täsirini ýetirdi, bu täsiri daşary ýurtlarda etniki azlyk bolup ýaşaýan türkmenleriň arasynda has hem ýiti görmek mümkin.

Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda, türkmen diasporasynyň arasynda bagşyçylygyň häzirki ýagdaýyna, onuň gelejegine, döwrebap aýdym-sazlaryň bagşyçylyga ýetirýän täsirine ýakyndan syn etmekçi.

Dürli ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bu söhbetdeşlige sizi hem gatnaşmaga çagyrýarys. Tema baradaky pikirleriňizi aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz. Eger programmamyza gatnaşmak isleseňiz, biziň bilen habarlaşyň, salgymyz hat@azatradio.org.

XS
SM
MD
LG